Türkiýäniň Din işleri gaznasy Gurban baýramynda Owganystandaky mätäçlere 8 müň 400 paý gurbanlygy eti paýlajakdygyny habar berdi. Bu gaznanyň bellemegine görä, gurban eti şenbe güni bäş dürli sebitde mätäçlere paýlanyar.Türkiýäniň Din işleri gaznasy anna güni, ýagny 16-njy Ýeňi Ýyl (Joza) aýdyp geçmegine görä, bu gaznanyň könülli işgärleri Kabula baryp, gurbanlyk üçin mallary satyn alypdyr we mätäçlere paýlamak üçin taýýarlyk görüpdir. Şeýle hem bu gazna işgärleriniň mallaryň soýuljak ýerde – kasaphanalarda barlag geçirendigi bellenilýär.Türkiýäniň Kabuldaky ilçihanasynyň dini geňeşçisi Jemal Kandemir: “Bäş sebite müň paý gurbanlygy eti ýetiriljek” diýdi.Ol şeýle-de nygtady: “Ähli taýýarlyklar tamamlandy. Kasaphanalar taýýar, paýlaýyş boýunça meýilnamalar düzüldi we biz Gurban baýramynyň başlanmagyna garaşýarys. Bu ýolda bize goldaw beren doganlarymyza minnetdarlygymy bildirýärin.”Bu türkiýeli dini gurama geçen ýylyň Gurban baýramynda hem Kabul, Herat we Mazar-e Şerif şäherlerinde mätäçlere 13 müňden gowrak gurbanlygy eti paýlapdy.Musulman ýurtlarynyň käbiri, şol sanda Türkiýe anna güni Gurban baýramyny bellejekdigini aýdypdyr, emma “Talyban” bolsa şenbe güni baýram ediler diýýär.Milionlarça owganystanly Gurban baýramynyň öň ýanynda garyplyk we açlyk bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Birleşen Milletler Guramasynyň hasabatyna görä, Owganystanyň ilatynyň takmynan ýarysy garyplyk çäginden aşakda ýaşaýar.