Ykdysadiýet

Katarda owgan işçilerine 1300 täze iş orny

Owganystana işleýän mümkinçilikleriň artmagy – Katarda täze 1300 iş orny boýunça ylalaşyk gazanyldyZähmet we jemgyýetçilik işler ministrligi Owganystandan daşary ýurtlara işçi ibermek boýunça tagallalaryň dowam edýändigini aýdýar. Täze ýagdaýda Kataryň kompaniýalary bilen 1300 sany täze iş orny boýunça ylalaşyk gazanyldy.Ministrligiň resmileriniň aýtmagyna görä, mundan ozal hem Katarda 700 iş orny döredilipdi. Täze ylalaşygyň tamamlanmagy bilen, Katarda owgan işçileri üçin jemi iş mümkinçilikleriniň sany 2000-den geçdi.Zähmet we jemgyýetçilik işler ministrliginiň metbugat sekretary Semihullah Ebrahimi şeýle diýdi:”Bu iş mümkinçilikleri üçin ministrlik ýakyn günlerde işçileriň ýagdaýlaryny we Kataryň haýsy ugurlarda işçi isläp, haýsy başarnykly işgärleri zerur hasaplaýandygy baradaky maglumatlary paýlaşar.”Şol bir wagtyň özünde, Kabuldaky birnäçe işçi agyr ykdysady ýagdaýdan we işsizligiň ýokarlanmagyndan şikaýat edýärler we bu başlangyja hoşniýet bilen garasalar-da, adalatlylygyň we başarnykly, zerur adamlara öňürtlilik berilmeginiň zerurdygyny nygtaýarlar.Mehdi atly bir işçi şeýle diýýär:”Biz isleýäris bu proses açyk we adalatly bolsun. Öňki gezek men BAE gitmeli boldum, emma proses açyk däldi, soň bolsa düşündim bu işleri gurnaýan kompaniýa ýa-da adam öz maşgalasyny ugradypdyr.”Nikmuhammet atly başga bir işçi şeýle diýýär:”Häzirki wagtda bu ýerde iş ýok. Eger ol ýere iş üçin bizi iberseler gowy bolar. Biz maşgalamyz üçin kömek edip bileris.”Ykdysadyýet boýunça hünärmenler bu başlangyja goldaw bildirýärler. Olaryň pikiriçe, daşary ýurtlara işçi ibermek işsizligiň azalmagyna täsir edýär.Ykdysady meseleler boýunça bilermen Mir Şakir Ýakuby şeýle diýýär:”Daşary ýurtlara işçileri ibermek, iş mümkinçilikleriniň döremeginde möhüm hasaplanýar. Bu bolsa owgan işçileri üçin tehniki, hünär we professional okuwlara mümkinçilik döredýär. Şeýle hem olaryň maşgalalaryna hemaýat edip biljek durnukly girdeji çeşmesidir.”Owgan işçilerini daşary ýurtlara ibermek baradaky bu başlangyç BMG-niň soňky hasabatlaryna görä, Owganystanda işsizligiň henizem artýandygyny görkezýän döwürde amala aşyrylýar. Ykdysadyýetçiler bolsa, «Talyban» häkimiýeti tarapyndan ýurduň içinde iş mümkinçilikleriniň döredilmegi boýunça çynlakaý meýilnamalaryň zerurdygyny belleýärler.

Shares: