“Indipindint urdu” bilen söhbetdeş bolan jenap Bugti şu wagta çenli 300,000-den gowrak bikanun owgan immigrantynyň yzyna gaýtarylandygyny we Pakistandan bikanun immigrantlary deportasiýa etmeginiň indiki aýyň içinde tamamlanjakdygyny aýtdy.
Päkistanyň wagtlaýyn hökümetiniň içeri işler ministri Sarfraz Bugti: “Olaryň sany has köp bolmagy mümkin 300,000-den gowrak owganly şu wagta çenli Owganystana gaýtaryldy we häzirem olaryň deportasiýa edilmegi ýene bir aýdan tamamlanar.
Resminamasyz ýurtdan çykarylan bikanun immigrantlaryň arasynda 99% -i owgan immigrantlary.
Şol bir wagtyň özünde, Pakistanda ýaşaýan bir topar owgan immigranty olary geçirmegi wada beren ýurtlaryň we edaralaryň biperwaýlygyny tankytlaýar.
Olaryň arasynda, türkmen immigrantlary-da bar.
Owganystanda dowam eden gazaply uruşyň netijesinde müňlerçe türkmen maşgalasy päkistana göçüpdiler. Olaryň öňki ýaşaýan ýerleri owganystanyň demirgazyk tarapynda bolan soň, türkmen bosgunlary owganystan geçenden soň hem öňki ýaşaýan sebitlerine ýa-da bir ýakyn garyndaşlarynyňka gelinçä gaty köp kynçylyklar çekýärler.
Olaryň sözlerine görä, häzirki wagtda Pakistanda türkmen immigrantlary geljegi näbelli bir ýagdaýda ýaşaýarlar.