Talyban gözegçiligindäki demirýol edarasynyň habar berişine görä, bu edaranyň başlygy, bagtyrrahman şarapat bilen bir topar owgan wekili, türkmenistanyň resmi çakylygy bilen şu gün (çarşenbe, 29 Noýabr) Türkmenistana ýola düşdi.
Bu toparyň iş saparynda, Türkmenistanyň demirýol jogapkärleri bilen otly gatnawynyň üstünde iki tarapyň işdeşligi, gatnaw we eksportyň köpeldilmegi we şuňa meňzeş mozuklar hakynda gepleşiljekdigi göz öňünde tutulan diýip, demirýol edarasy habar berdi.
Mundan iki gün ozal, talybanyň daşary işler ministri, Emirhan Muttaky, türkmenistanyň owganystandaky ilçisi Hoja Öwezöw bilen paýtagt kabulda duşuşypdy.
Olar, bu duşuşykda iki ýurduň ara gatnaşygy, ykdysady meseleler we ortak uly taslamalar hakynda gürrüň edipdiler.
Türkmenistanyň hökümeti, owganystanda talyban häkimiýeti ele geçirenden soň hem ara gatnaşygy saklady hatda jebisleşdirdi.
Türkmenistanda talybanyň ilçisini kabul etdi we talybanyň oba hojalyk işlerinde, ykdysady we söwda meselelerinde kömekleşdi.
Ozallar, türkmenistanyň talyban bilen esasy maksady «TAPI» taslamasyny amala aşyrmakdy ýöne soňky döwürlerde «TAPI» taslamasyny goýup, owganystanyň üsti bilen diňe Päkistana gaz geçiriş taslamasyny öňe sürýär.
Tizlikde bu taslamanyň işe başlamasyna garaşylýar.
Demir ýol edarasynyň başlygy bir topar wekiller bilen Türkmenistana gitdi.
Shares: