Eltilik merkeziniň açylyşy — Faryabyň altyn gyzy Güljemal MergenzadeFaryab welaýatynyň Gurmugol etrabynyň ýüreginde — bilim mümkinçilikleriniň gaty çäkli bolan ýerinde — bir türkmen zenany, öz tagallasy bilen uzak we çetde ýerleşýän alty-bölük obasynda körpe türkmen çagalary üçin bilim gapylaryny açdy.Güljemal Mergenzade, alty-bölük obasyndan bolan bir işjeň türkmen zenany, az mümkinçilikler bilen, ýöne berk ynanç bilen bu okuw merkezini esaslandyrdy. Bu gün şol ýerden türkmen dilindäki “a” bilen “b” sesleri diwardan diwara ýaňlanýar.Bu merkezde türkmen körpeleri öz ene dillerinde okamagy, ýazmagy, we dünýä bilim bilen tanyşmagy öwrenýärler. Güljemal aýdýar: bu diňe başlangyçdyr, has kän goldawa mätäçlik bar.Ýaşlaryň geljegi garyplyk we ünsüzlik bilen abanýan ýerlerde,umyt köpden bäri ýitip giden ýerlerde,Güljemal ýaly zenanlar bir çyra ýagty edýärler — diňe häzirki üçin däl, eýsem ertirki türkmen nesli üçin.Bu merkez diňe bir bilim ojak däl — bu, bir halkyň, bir ene-diliň we bir geljegiň umydydyr.