Dünýä Habarlary

Demirgazyk Koreýanyň Daşary işler ministrligi Ysraýylyň Eýranyň raýat, ýadro we energetika desgalaryna eden hüjümlerini ýazgaryp, Eýranly raýatlaryň öldürilmegini “adamzada garşy bagyşlap bolmajak jenaýat” diýip atlandyrdy.

Demirgazyk Koreýanyň Daşary işler ministrligi Ysraýylyň Eýranyň parahatçylyk maksatly desgalaryna, şol sanda ýadro we energetika desgalaryna garşy amala aşyran hüjümlerini ýazgaryp, Eýranly parahat ilatyň öldürilmegini “adamzada garşy bagyşlap bolmajak jenaýat” diýip atlandyrdy.Şu gün (penşenbe) Demirgazyk Koreýanyň resmi habarlar gullugy (KCNA) tarapyndan ýaýradylan Daşary işler ministrliginiň beýanatynda, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna we Ýewropa ýurtlaryna ýüzlenilip, bu krizise – ýagny Eýran bilen Ysraýylyň arasyndaky urşa – goşulyşmazlyk barada duýduryş berilýär.Demirgazyk Koreýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili häzirki dünýäde dowam edýän agyr ýagdaýlaryň Ysraýylyň Amerikanyň we Günbatar döwletleriniň goldawy bilen hereket edýändigini açyk görkezýändigini belläp, Ysraýyly Gündogar Ýakyn sebitde parahatçylygyň öňündäki “rak keselidir” diýip häsiýetlendirdi. Ol çykyşyny dowam etdirmek bilen, Amerikanyň we Günbataryň güýçleriniň urşy has-da möwjemegine sebäp bolýandygyny hem-de Eýranyň kanuny özygtyýarlylygyna we özüni goramak hukugyna şübhe bilen çemeleşýändiklerini aýtdy.

Shares: